Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ”Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Şöhratly taryhymyza buýsanç” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň baý taryhyny wagyz etmek, ýaş nesillere ýetirmek asylly ýörelgä öwrülendigi, eziz Watanmyzyň ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde hem şöhratly taryhymyzyň orny uludygy, ýaş nesillere şöhratly taryhymyza buýsanyp,halkymyzyň asylly ýörelgesini, milli däp-dessurlaryny çuňňur öwrenýärler hem-de belent sarpa bilen garalýandygy hakynda nygtadylar. Şöhratly taryhymyzy öwrenmek we wagyz etmekde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary gymmatly gollanma bolup durýar.Taryhymyzyň aýdyň beýanyny öwrenmek üçin bu ajaýyp kitaplara ýüzlenilýär diýip, giňişleýin söhbet etdiler.
Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.