logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Şöhratly türkmen bedewi

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde “Şöhratly türkmen bedewi” atly türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan gürrüňdeşlik geçirdi.
Gürrüňdeşlikde ahalteke bedewi täze taryhy döwrümiziň ganatyna öwrülip, ata Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sport bilen meşgullanmana işjeň çekmek, şeýle hem türkmen bedewlerimiziň waspyny bütindünýä wagyz etmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda täze döwrümiziň zynaty bolan behişdi bedewlerimiziň şan- şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.