logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Şöhraty äleme dolan, arşdan ykbally bedew

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda “Şöhraty äleme dolan, arşdan ykbally bedew” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Baş bilim müdirliginiň işgärleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Çykyşlarda ahalteke bedewleri toýlarymyzyň bezegi, türkmen halky asyrlaryň dowamynda uçar ganaty bolan bedewini özüniň ýakyn syrdaşy, dosty hasaplanýandygy, gamyşgulak bedewlerimiz ata-babalarymyzyň durmuşynda belent hormat-sylaga eýedigi barada gürrüňler edildi. Kitaphana işgärleri tarapyndan “Bedew atlar gadymyýetden mirasdyr” ady bilen guralan kitap sergisi gatnaşyjylarda has-da täsir galdyrdy. Bu giňişleýin kitap sergisinde esasanam Gahryman Arkadagymyzyň bedewlerimizi wasp edýän eserleri ýerleşdirildi. Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.