logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SOWALY BIZDEN, JOGABY SIZDEN

SOWALY BIZDEN, JOGABY SIZDEN

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Arkadag» teleýaýlymynyň guramagynda «Sowaly bizden, jogaby sizden» atly bäsleşik geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata-babalarymyzyň taryhy asyrlara uzaýan ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelgelere täzeçe öwüşgin çaýylýar. Ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy ýurduň geljekki ösüş ugruny kesgitleýär. Ýaşlar hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bildirilýän ynamy ödäp, Türkmenistan Watanymyzyň ýagty geljegi ugrunda gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar.

Bäsleşigiň ahyrynda ýurdumyzda ýaşlaryň kämilleşmegi hem-de özleriniň zehinini, ukyplaryny açyp görkezmek üçin mümkinçiliklerini döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.