logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«SÖÝGÜLI GAHRYMANLAR SIZIŇ ERTEKILERIŇIZDE» ATLY SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw terbiýeçilik toplumynyň kitaphanasynda Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde myhmançylykda bolup, ýaşajyk okyjylar bilen “Söýgüli gahrymanlar siziň ertekileriňizde” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde dowamynda Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw terbiýeçilik toplumynyň kitaphana hünärmeni ilki bilen ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygary hakynda gürrüň berdi. soňra Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepada – bar, sapa-da”, “Gadamy batly bedew” atly kitaplaryndan türkmen bedewi hakynda çagalara bölekler okap berdi. Türkmen halk ertekilerinden, türkmen ýazyjylarynyň taýýarlan ertekiler ýygyndysyndan çeper okaýyş edildi. Şeýle hem körpeje okyjylar bilen okan ertekileri boýunça sorag-jogap etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmen çagalaryň gowy görýän türkmen halk ertekisi “Akpamyk”, “Mämmetjan”, Aman Kekilowyň “Çopan we Patyşa” erteki poemasyny okap berdi. Çagalar ertekini üns bilen diňläp özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler. Çagalar erteki gahrymanlaryň häsiýetlerini suratlandyryp surat çekdiler we gürrüň etdiler. Şeýle-de söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy, erbet gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşykly bolmagy, her bir köpçülik ýerlerinde, mekdebe baranlarynda hem bir-birege kömek etmegini, hiç wagt ýalan sözlemezligi dogruçyl bolmagy düşündirdi. Şu çärede kitaphananyň hünärmenleri söhbetdeşligiň ady boýunça gyzykly erteki kitaplardan sergi gurnady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.