logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Söz mülküniň bossany

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri “Altyn Asyr” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” atly gepleşiginiň döredijilik topary bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň many-mazmuny, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, gadymy ýadygärliklerini, dünýä ýurtlary bilen söwda aragatnaşyklaryny ýaşlara giňişleýin wagyz etmek maksady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga kitaphananyň hünärmenleri, ýazyjy-şahyrlar, medeniýet hem-de sungat ussatlary, halypa mugallymlar gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy, gadymy galalar, ýadygärlikler, olar baradaky rowaýatlar barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň gurnan sergisi duşuşyga gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleri hem-de taryhy ýadygärliklerimiz baradaky dürli neşirler orun aldy.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, şöhratly taryhymyzy, gadymy ýadygärliklerimizi ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.