logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SÖZ USSADY MAGTYMGULY PYRAGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Söz ussady Magtymguly Pyragy» atly gezelenç geçirildi. Akyldar şahyryň şygyrlarynda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumy adamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Päk göwünli, kalby Watanyna bolan söýgä beslenen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyr setirlerini okanyňda, onuň il-ýurduna, dogduk mekanyna söýgüsiniň belent derejede bolandygyna, onuň hakyky watançy hökmünde türkmen ýurduna, onuň gözel tebigatyna guwanandygyna göz ýetirýärsiň.

Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry hökmünde tanalýar, çünki akyldar şahyryň goşgulary ähli ynsanlar üçin paýhasdyr, nesihatdyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Watana, halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, ony dünýä tanatmak babatda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.