logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SPORT - DOSTLUK, SAGDYNLYK, RUHUBELENTLIK

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Sport - dostluk, sagdynlyk, ruhubelentlik» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek döwrümiziň esasy ýörelgesine öwrülip, sportuň ösdürilmeginiň, bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagynyň ilatyň saglygyny gorap saklamakda, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeginde sportuň uly täsiriniň bardygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýurdumyzda ösýän ähli dermanlyk ösümlikleriň täsiri barada giňişleýin beýan edilip, halkymyz üçin gymmatly gollanma bolup durýandygy hakynda çykyş etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek babatda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.