logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SPORT GUJUR-GAÝRATYŇ, GÖZELLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞYDYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylan ýylymyzda Döwlet kitaphanasynyň okalga zalynda Seýrek neşirler bölümiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saglyk baradaky kitaplary giňden ýaýbaňlandyryldy. “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly kitabynda sporta uly baha berilýär we Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp kitabynda şeýle belläp geçýär: “Häzirki zaman sporty sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýörelgeleriniň dünýäde giňden rowaçlandyrylmagyna ýardam edýär. Sport halklaryň dostlaşmagynyň ýoludyr diýip tekrarlaýaryn. Çünki, biziň döwlet syýasatymyzyň mazmunyndan gelip çykýan bu ýörelgeler sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginde çuňňur ähmiýete eýedir”. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp kitaplary biziň ýol-ýörelgämiz we gymmatly gollanmadyr. Ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.