logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SPORT – SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen 13-nji saglyk öýünde «Sport – sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler halkymyz gadymy döwürlerden bäri sagdynlyk hem-de ruhubelentlik durmuş ýörelgesi bolup gelýän jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleri berk ornaşdyrylyp, “Saglygym - baş baýlygym”, “Bar zadyň sakasy saglyk” diýen paýhasly sözleriň döremegi saglygyň hemme zatdan ileri tutulýandygyny giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň abadançylygy, bagtyýarlygy, ýurdumyzyň ähli taraplaýyn ösüşi şunuň bilen berk baglanşykly bolup durýandygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda hem-de bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.