logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SPORT–SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Sport–sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda sporty ösdürmek, adam saglygy berkitmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada aýtdylar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge giň ýol açylandygy, munuň özi ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek meselesine örän uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasy bolup durýandygyny, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülendigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda sporty ösdürmekde beýik işeri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.