logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň we gözelligiň gözbaşy

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň we gözelligiň gözbaşy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ilatyň saglygyny ähli zatdan ileri goýup, “Il saglygy ýurt baýlygy!” diýen şygara besleýän beýik işleri durmuşa geçirýär. Bütindünýä welosiped güni sagdynlygyň, sportuň we dostlugyň baýramy 3-nji iýunda, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport jebisleşdirji, ruhlandyryjy güýç bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Arkadag şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli her ýyl uly ruhubelentlik bilen köpçülikleýin welosipedli ýörişler we sport çäreleri guralýar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen sportyny ösdürmekde, dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.