2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde 7-nji aprel — Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Sport – sagdynlygyň we gözelligiň ak ýoly» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Oguljemal Hojakgaýewa alyp bardy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy Allaýar Omarow, Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň bölüm müdiri Sapargül Tirkeşowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň gyşky we suw görnüşleri kafedrasynyň mugallymy Hemra Nurmyradow dagy gatnaşdylar.
Çykyş edenler her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglyk gününiň Ýer ýüzünde giňden baýram edilýändigi, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bu baýramçylygyň ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna, dürli sport bäsleşikleridir dabaralara beslenýändigi hakynda täsirli söhbet etdiler.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilmegi, sagdyn nesilleri ýetişdirmek baradaky aladanyň netijesidir. Sagdyn we ruhubelent nesiller dürli ugurlarda, şol sanda abraýly sport bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip, eziz Watanymyzyň at-abraýyny belende götermäge özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti barada söhbet edildi.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.