logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SPORT-SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ BINÝADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Sport-sagdynlygyň we ruhubelentligiň binýady” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde eziz Watanymyzda sporty ösdürmek, kämilleşdirmek, ilatymyzyň saglygyny berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesilleri sporta höweslendirmek, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlygy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň däplerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, sportyň dürli görnüşi boýunça türgenleriň ussatlyklaryny we tejribelerini artdyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilip berilýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda mähriban halkymyzy ýeňişli menzillere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.