logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SPORT-SAGLYGYŇ SAKASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport-saglygyň sakasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde gadymy oýunlaryň biri hasaplanýan küşt adamzadyň özi üçin döreden oýunlarynyň iň gyzyklysy we peýdalysy bolmak bilen, bu oýun zehin üçin gutornyksyz türgenleşikdigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu oýun ünsüňi jemlemek, hakyky we hyýaly pikirlenmek, meseleleri çözmek, keşpleri tanamak, uzak möhletli maksatnamalary düzmek, seljermek ýaly zehin ukyplaryny kämilleşdirýändigi hakynda hem belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda gadymy dessanlarda türkmen halk ertekilerinde, geçmişde we häzirki wagtda uly meşhurlyga eýe bolan türkmen sportynyň küşt oýuny hem-de Türkmen halk ertekileri kitabyndan «Mämmetjan» ertekisi barada çagalarda sportuň küşt oýnuna uly gyzyklanma döretdi.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda röwşen geljegimiz bolan çagalaryň hemişe bagtyýarlykda ýaşamagy babatda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.