logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SPORT–SAGDYNLYGYŇ GIREWI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Sport–sagdynlygyň girewi» ady bilen sport bäsleşigi geçirildi.

Çärede çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sport, aýdym-saz, çeper okaýyş ugurlary boýunça bäsleşikleriň yzygiderli guralmagynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygy, şeýle çärelere işjeň gatnaşýan çagalary höweslendirilip durulmagy bolsa olarda özboluşly ruhybelentlik döredýändigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda sport bäsleşikleri çagalaryň dürli ýerlerde zehinini açyp görkezmek, ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjiňi we çalasynlygyňy artdyrmak, maksady bilen öz ukyp başarnyklaryny kemala getirmäge gönükdirilendigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda sporty ösdürip, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.