Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda taryhy owazlar ýaňlandy. Bu döredijilik dabarasy dutaryň ussady, parahatçylyk ilçisi Şükür bagşynyň doglan gününiň 195 ýyllygyna bagyşlandy. Konsertde ýaňlanan eserler türkmen ruhunyň we milli mirasynyň belent dabaralanmasyna öwrüldi.
Konserwatoriýanyň kiçi zalynda başlanan çäräniň açylyşy örän täsirli we dabaraly boldy. Alyp baryjy Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa dabarany açyp, Şükür bagşynyň türkmen medeniýetindäki ornunyň üýtgeşikdigini belledi. Ol öz sözünde: «Şükür bagşy — bu biziň milli buýsanjymyz, sazyň güýji bilen uruşlary togtadan beýik ynsanperwer şahsyýetdir» diýip nygtady.
Konsertiň başynda Nury Halmämmedowyň «Şükür bagşy» kinofilminden meşhur Giriş eseri ýerine ýetirildi. Kamera orkestriniň ýolbaşçysy Tahyr Ataýewiň ussatlygy we Türkmen sazy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Nyýazow Kerimiň ýekelikdäki çykyşy diňleýjilere täsirli boldy. Orkestriň we dutaryň sazlaşygy, taryhyň gatlaryndan gelýän owaz bolup diňleýjileriň kalbynda çuňňur yz galdyrdy.
Dabarada diňe bir sazlar ýaňlanman, eýsem halypalaryň we professorlaryň gyzykly gürrüňleri hem diňlenildi. Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewa söz berlip, ol Şükür bagşynyň ýerine ýetirijilik mekdebiniň aýratynlyklary barada giňişleýin durup geçdi. Şükür bagşynyň çalýan her bir perdeleriniň aňyrsynda uly pelsepäniň we halkymyzyň gadymy däpleriniň ýatandygyny talyplara düşündirdi. Halypa Akmyrat Çaryýewiň «Salmadan bökdüren» diýen sazy ýerine ýetirende çalasyn barmaklaryndan dörän her bir ses zaldaky dymyşlygy bozup, halkymyzyň taryhy ýoluna uly hormat hökmünde ýaňlandy.
Konsertiň iň joşgunly pursatlarynyň biri hem Türkmenistanyň halk artistleri Akmyrat Çaryýew sazandarlyk etmeginde Läle Begnazarowanyň belent owazy bilen ýerine ýetirilen «Dutarym» aýdymy diňleýjileriň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Döredijilik duşuşygynyň aýratyn gymmatly tarapy, taryhy maglumatlar bilen baýlaşdyrylmagy boldy. Taryhçy mirasgär, Gaýrat medalynyň eýesi Nurnazar Jumanazarowa söz berildi. Ol Kaka etrabynyň Şükür bagşy obasynyň taryhy, bagşynyň ýaşan döwri we şol meşhur «bäsleşik» barada täze ylmy maglumatlary orta goýdy.
Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunowyň ýerine ýetirmegindäki «Şadilli» sazy we uly mugallym Aganazar Öwezgeldiýewiň «Aýralyk mukamy» eseri ýaňlanyp, milli saz medeniýetimiziň kämilliginiň nyşanyna öwrüldi.
Dabaranyň iň täsirli pursady — Şükür bagşynyň agtygy Gurbandurdy Işanowyň sahna çykmagy boldy. Kaka etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň halypa mugallymy bolan bu ýaşuly öz atasynyň adyny götermegiň we onuň mirasyny gorap saklamagyň uly jogapkärçilikdigini aýtdy. Agtygynyň çykyşy talyplarda we mugallymlarda uly gyzyklanma döretdi, sebäbi diri taryhyň wekili bilen duşuşmak her kime miýesser etmeýär.
Konsertiň jemleýji böleginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dutarçy talyplar topary sahna çykdy. Işanguly Gündogdyýewiň çeper ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilen «Sallana» sazy dabaranyň ahyrynda belent ruhda jemledi.
Şükür bagşynyň 195 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilen bu medeni çäre, türkmen halkynyň öz köklerine, medeniýetine we taryhy şahsyýetlerine bolan sarsmaz söýgüsiniň beýanydyr. Gurnalan bu dabara tomaşaçylaryň kalbynda öçmejek yz galdyrdy. Şükür bagşynyň parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri bolsa biziň häzirki bagtyýar döwrümizde hem özüniň gymmatyny ýitirmän, ýüreklerde ýaşamagyny dowam edýär.
Halypa-şägirtlik ýolunyň kämilleşmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Hudaýguly HANOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby