logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SUNGAT – ÄLEME NUR-ÝAGTY, MEDENIÝET – ADAMZADYŇ BAGTY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Sungat – äleme nur-ýagty, medeniýet –adamzadyň bagty» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Dabarada çykyş eden myhmanlar–Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan her bir ynsan çeken zähmetiniň rehnetini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Biziň ýurdumyzda gazanylýan zähmet üstünlikleri, toýlara badalga bolup, toý-baýramly günler bilen utgaşýar.

Diýarymyzda her ýylda «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet» gününiň giňden bellenilmegi, onuň medeniýet hepdeligi diýen ajaýyp hem asylly däbe öwrülmeginiň milli medeniýetimizi giňden ösdürmäge mümkinçilik berýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen milli medeniýetiniň we sungatynyň şan-şöhraty has-da ýokarlanýar. Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan her bir ynsan çeken zähmetiniň rehnetini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Aramyzdan giden ussatlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sungat ussatlarynyň beýik mugallymy Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan sapalanýar, sarpalanýar diýip belläp geçdiler.

Dabaranyň ahyrynda - Baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän, Türkmeniň beýik ussady Magtymguly Pyraga uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.