logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SUNGAT – ÄLEME NUR-ÝAGTY, MEDENIÝET – ADAMZADYŇ BAGTY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Sungat–äleme nur-ýagty, medeniýet–adamzadyň bagty» atly döredijilik duşuşygy mynasybetli sergi guraldy
Döwlet kitaphanasynyň girelgesinde myhmanlary duz-çörek we aýdym-saz bilen garşylandy. Döwlet kitaphanasynyň gaznasynda bolan dürli neşirlerden, gollanmalardan we şeýle-de sungatynyň dürli görnüşlerinden guralan sergiler dabara gatnaşýan myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän, türkmeniň beýik ussady Magtymguly Pyraga uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.