Türkmenistanyň medeniýet we sungat älemi ýene-de bir taryhy wakanyň şaýady boldy. Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Türkmenistanyň sungatda yz goýan zehinli kompozitory Suhan Tüýliýewiň “Ömrümiň bentleri” atly döredijilik duşuşygy we konserti geçirildi. Bu agşam diňe bir saz däl, eýsem, türkmen ruhunyň, taryhynyň we filosofiýasynyň saz dili bilen beýan edilen dabarasy boldy.
Konsertiň maksatnamasy gaty baý we manyly bolup, agşamyň açylyşy Suhan Tüýliýewiň “Bentler” atly simfoniki orkestr üçin poemasy bilen başlanýar. Bu eser kompozitoryň döredijilik ýolunyň özboluşly bir özeni ýalydyr. Döwletmämmet Ökdirowyň dirižýorlyk etmeginde simfoniki orkestr diňleýjini ynsan ömrüniň dürli pursatlaryna, ýagny, şol “bentlere” alyp gitdi. Suhan Tüýliýewiň döredijiliginde edebiýat we poeziýa aýrylmaz orun tutýar. Gülşirin Hanowanyň sözlerine düzülen “Nejoldy?” atly soprano we orkestr üçin aýdymy Güljemal Taýlyýewanyň belent owazda ýerine ýetirilmegi türkmen zenanynyň kalbyndaky näzik duýgularyň sazlaşygyny görkezdi.
Konsertiň iň täsirli bölümleriniň biri hem “Uzuklar” sazly rowaýatydyr. Bu eser birnäçe saz guralynyň — fleýta, goboý, klarnet we skripkanyň — simfoniki orkestr bilen dialogydyr. Batyr Çaryýewiň çeper okaýyşynda (rawynyň dilinden) beýan edilen bu rowaýat diňleýjini türkmen sährasynyň jümmüşine äkitdi.
“Uzugyň lälesi”, “Näzigiň lälesi” we “Läligiň lälesi” ýaly bölümler arkaly senediň, sabyr-takatlylygyň we gözelligiň nusgasy bolan türkmen gyzlarynyň keşbi janlandyrylýar. Didar Ýomudow, Seýran Atanyýazow, Şirhan Batyrow we Oguljan Nepesowa ýaly ussat sazandalaryň ýerine ýetirmegindäki bu bölümler milli saz gurallarynyň we simfoniki sazlaşygyň iň kämil nusgasydyr. Aýratyn hem “Ýagma bulut” (çopanyň tüýdük sazy) bölümi halkymyzyň tebigat bilen bolan sarsmaz baglanyşygyny alamatlandyrdy.
Suhan Tüýliýewiň döredijiliginde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülen eserlerdir. “Ýeldim tut!” aýdymyny Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň gaýtalanmaz bariton sesi bilen belentden ýaňlandy. Bu eser ynsan durmuşynyň pelsepesini we şahyryň dünýägaraýşyny saz arkaly beýan edýän hakyky sungat eseridir.
Konsertiň ahyrynda bolsa, Atamyrat Atabaýewiň sözlerine düzülen “Döwletli döwran” kantatasy ýerine ýetirildi. Bu eser döwrümiziň dabaralanmasyny, agzybirligimizi we bagtyýar durmuşymyzy dabaralandyrýan uly göwrümli eserdir. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestri we hory, solistler Röwşen Baýramow, Wepa Ödäýew (gargy tüýdük) we Baýramgül Ahmedowa (gopuz) bilen bilelikde bu dabaraly sazy jemlediler.
Bu döredijilik duşuşygy diňe bir Suhan Tüýliýewiň şahsy üstünligi däl, eýsem, umumy türkmen medeniýetiniň ýeten belent sepgitleriniň subutnamasydyr. Sazyň dili bilen taryhymyzy, şu günümizi we geljegimizi beýan edýän bu eserler kalplara ylham, ruhlara galkynyş berýär.
Şeýle ajaýyp medeni çäreleriň geçirilmegine, sungat işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä derejesine göterýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys!
Jeren ÖWLÝAKULOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby