logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SUNGAT ÄLEMINIŇ USSATLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen sungaty we medeniýeti taryhy ösüşiň täze basgançaklaryna göterildi. Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň alynmagy netijesinde ýaş sungat we döredijilik işgärleri halkyň durmuşynda we aňyýetinde watançylyk duýgularyny oýarmaklyk bilen öz döredijiliklerinde has erkin işläp başlaýarlar. Ýurdumyzda bilimli-ylymly ýaşlary kemala getirmek ugrunda öňe sürülýän esasy maksatlaryň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ussat halypalar, mugallymlar, talyp ýaşlar bilen yzygiderli okuw maslahatlaryny, tegelek sollaryny gurnap gyzykly duşuşyklary geçirýärler. Bu gün hem Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýew we nakgaşçylyk kafedrasynyň uly mugallymy Polat Garryýewiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada talyplaryň arasynda sowal-jogaply brifing duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygyň dowamynda talyp ýaşlar ussat halypalara biri-birinden gyzykly döredijilik we sungat ýoly dogrusynda sowallary berdiler. Ussatlarymyz bolsa öz döredijilikleri we sungat ýolunyň inçe syrlary barada talyp ýaşlara gyzykly gürrüňleri berdiler. Brifingde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahaty, ondaky ara alnyp maslahatlaşylýan halk bähbitli, ýurt ähmiýetli meseleler, ýurdumyzda şol esasynda alnyp barylýan syýasatlar, syýasy-ykdysady, medeni-durmuş, ylym-bilim, sungat we medeniýet ugurlarynda ägirt uly ösüşleri, öňegidişikleri gazanylýanlygy barada köp sanly mysallary getirip, talyp ýaşlara biri-birinden täsirli maglumatlary berdiler.

Ussat halypalar Saragt Babaýew we Polat Garryýew ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitleri ýüreklerini has-da joşduryp, täze sungat eserleriniň döremegine itergi berýändiklerini, talyp ýaşlara bolsa öz saýlap alan ugurlarynda üstünlik arzuw etdiler. Bu duşuşyk ussat halypalar we talyp ýaşlar üçin täsirli we ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi.


Amangül GOÇMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby