logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SUNGAT DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Türkmen halkynyň çeperçilik sungaty gadymy milletimiziň köp asyrlyk taryhyny, däp-dessurlaryny, ruhy medeniýetini özünde jemleýär. Türkmen suratkeşleri döwre laýyk eserleri döretmek arkaly biziň şu günümizi doly we hemmetaraplaýyn suratlandyrmakda sungatyň täzeden-täze mümkinçilikleriniň işjeň gözleglerini alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi zalynda türkmen şekillendiriş sungatynyň görnükli wekili Çarymyrat Ýazmyradowyň «Reňklerdäki poeziýam» atly şahsy sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sungat muşdaklaryny özüne bendi edýän suratkeşiň döredijilik eserleriniň sergisi özüniň nepisligi we gözelligi, çeperçilik özboluşlylygy, durmuşylylygy bilen diýseň täsirli boldy.

Halypanyň eserlerini synlanyňda, onuň döredijiliginiň baýdygyna, dünýägaraýşynyň giňdigine göz ýetirmek bolýar. Biz muny suratkeşiň «Çynarlar», «Päklik», «Jöwza», «Bahar nagmalary», «Güýz nagmalary», «Ak pata» «Altyn güýz», «Marguş mozaikasy», «Nusaý» «Durmuş», «Bakylyga» ýaly işleriniň mysalynda görýäris.

Suratkeşiň döredijiligi tutuşlygyna simwoliki-nyşany häsiýetlere eýedir. Munuň şeýledigini onuň döredýän her bir eseri tassyklaýar. Aýratynam onuň «Çynarlar» atly nakgaşlyk eseri çuňňur mazmuny beýan edýär. Onda başyna kürte atylan türkmen gelinleri misli äpet uly çynarlar mysaly şekillendirilipdir. Eseriň ýarsyndan gowrak ýeri eýeleýän mawy asman ýerligi gelinleriň keşbine has-da aýdyňlyk berýär. Suratkeş esasy ünsi gahrymanlaryň keşbini jikme-jik işlemäge gönükdirmän, eýsem taslamanyň umumy mazmun täsirini güýçlendirýär. Şol sebäpli-de, taslamada görkezilen zenanlar aýry-aýrylykda däl-de, bir bitewi kabul edilýär. Olaryň simwolika ýugrulan keşpleriniň emosional täsiri adatdan daşary ýitilige eýedir.

Suratkeş Çarymyrat Ýazmyradowyň eserleriniň ählisinde ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, ýagşy gylyk-häsiýetler öňe sürülýär. Onuň «Päklik» eseri şeýle häsiýetlere ýugrulandyr. Eseriň gahrymanlary özboluşly düzüme eýe bolup, bu ýerde başyna kürte atylan gelniň, kiçijek oglanjygyň we dünýä täze gelen guzujygyň keşpleri şekillendirilýär.

Çarymyrat Ýazmyradowyň nakgaşlyk sungaty žanrlaryň köpdürliligine, durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alýan biri-birinden gyzykly temalara baýdyr. Şol ägirt uly sungat äleminde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbi aýratyn orun eýeleýär. Suratkeşiň dürli ýyllarda döreden «Aýa sataşdym», «Aýa döndi», «Bu derdi», «Dananyň ruhy» ýaly nakgaşlyk eserleri şahyr atamyzyň keşbini, onuň şygryýet äleminiň düýp özenini talabalaýyk açyp görkezýär.

Bir ýerde durman irginsiz zähmet çekýän suratkeşiň döredijiliginiň agramly bölegi nakgaşlyk eserlerinden ybarat bolsa-da, onuň dizaýn taslamalary hem ýokary ähmiýete eýedir. Çarymyrat Ýazmyradow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilýän desgalaryň içki we daşky bezeg işlerine gatnaşyp, öz saldamly goşandyny goşdy. Türkmen şekillendiriş sungatynda mynasyp ornuny tapan Çarymyrat Ýazmyradowyň giň gerimli sungaty hem, alyp barýan asylly halypaçylyk işi hem çäksiz ähmiýete eýedir.


Bilbil ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy