logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SUNGAT-PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISI

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, saýlap alan hünärleriniň eýesi bolmaklary, döredijilik bilen giňden meşgullanmaklary babatynda örän uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda gazanylan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen halkara derejesindäki festiwallar, sergiler, maslahatlar we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Sungat-parahatçylygyň ilçisi» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, muzeýiň hünärmenleri Sonagül Karaşewa, Aýjemal Gatyýewa dagylar gatnaşdylar. Ýurdumyzda muzeý işiniň kämilleşdirilmegi, muzeý gaznahanalarynyň baýlaşdyrylmagy, halkymyzyň milli mirasyny ýaşlaryň çuňňur öwrenmekleri hem-de ýaş hünärmenleriň iş başarjaňlygyny ýokarlandyrmak üçin giň şertler döredilmegi biz ýaşlaryň işimize bolan höwesimizi has-da artdyrýar.