logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SUNGAT USSATLARYNA BELENT SARPA

Häzirki wagtda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Halkara medeniýet günleri, sungat festiwallary, döredijilik duşuşyklary, konsertler we teatr çykyşlary bu hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrýar. Şeýle çäreler arkaly her bir halk öz milli medeniýetini dünýä tanatmak bilen birlikde, beýleki halklaryň ruhy mirasyna, sungat däplerine hem hormat goýýar.
Golaýda türkmenistanly sungat ussatlary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň ýokary derejeli aýdymçy artisti, Türkmenistanyň halk artisti Parahat Amandurdyýewiň hem-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýewiň Gazagystanyň II derejeli «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagy, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň sungat arkaly has-da pugtalandyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.