logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SUNGATDA PARAHATÇYLYGYŇ WASPY

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «2025-nji ýyl–Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi açyldy. Sergide mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik taslamalary şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, halyçylyk, keramika ugurlary boýunça ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.

Döredijilik sergisinde Şöhrat Mämmedowyň «Parahatçylyk bagy» atly nakgaş eserinde taryhy ýadygärliklerimiz hem-de paýtagtymyzyň ak mermere beslenen ajaýyp binalary bilen çeper sazlaşykly beýan edilýär. Bu daragt bagynda Watanymyzyň taryhy hem-de şu günki günümiziň ösüşleri öz beýanyny tapýar. Bu sergide dürli temalar boýunça ýerine ýetirilen kiçi göwrümli heýkel taslamalarynyň arasynda Güljan Şöhratgeldiýewanyň «Parahatçylyk ülkämiň waspçysy» atly döredijilik eseri çuňňur mazmuny bilen diýseň tapawutlanýar. Bu heýkel eserinde asuda Watanymyzyň parahatçylygyny hem-de günsaýyn özgerýän beýik ösüşlerimizi wasp edýän goşgy setirlerini okap duran ýaşlaryň janly keşpde suratlandyrylmagy täsirli duýulýar. Heýkel taslamasynda älemgoşaryň şekili görkezilipdir. Munda bolsa asman giňişliginde ganatyny ýaýyp uçýan ak kepderiniň şekili suratlandyrylypdyr.

Talyp ýaşlarymyzyň döreden paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň gözel binalarynyň kiçi görnüşli göwrüm taslamalary sergini has-da baýlaşdyrýar.

Amaly-haşam sungatymyzyň nusgalarynda bolsa däp bolan şekili ýoýmazdan täzeçilik girizilen şaý-seplerimizi, haly önümlerimizi, zergärçilik sowgatlyk önümleri görüp buýsanýarsyň. Olarda milli medeniýetimiziň baý taryhy beýan edilýär.

Selbinyýaz GARAÝEWA

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallym-öwrenijisi