Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekde özüniň mynasyp goşandyny goşan sungat işgärleriniň biri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk saz gurallary” kafedrasynyň dosenti Muhammetmyrat Gapurowdyr. Ol 1975-nji ýylda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynda okap, 2-nji ýyl talybyka şol ýerde açylan halk döredijiligi barlaghanasynda işe başlaýar. Bu barlaghananyň işleri bolsa 1925-1930-njy ýyllarda ilkinji gezek türkmen aýdym-saz sungatyny düýpli öwrenen rus alymlary W.Uspenskiniň we W.Belýaýewiň başlangyçlaryny dowam etmeklige esaslanýar. Muhammetmyrat Gapurow 1976-njy ýyldan başlap, saz sungatyny öwreniji alym Ş.Gullyýew bilen bilelikde ýurdumyzda birnäçe sazly etnografik ekspedisiýalarda bolýar. Olaryň içinden moskwaly alym W.M.Şurow bilen 1978-nji ýylda Balkan welaýatynda, filologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Oraztaganow bilen Türkmenistanyň dürli künjeklerinde şeýle-de, 1992-nji ýylda alymlar A.Jykyýew, Ş.Halmuhammedow, Ş.Gulluýew dagy bilen bilelikde Stawropol türkmenleriň birnäçe obalarynda ekspedisiýalarda bolýar. M.Gapurow bagşy-sazandalary öwreniji alym A.Aşyrow bilen bilelikde, 1889-njy ýylda Türkmenistanyň birnäçe ýerlerinde bolup, rus saz öwrenijisi S.Rybakowyň şol wagt Leningradda saklanylýan türkmen aýdym-sazlarynyň ses ýazgylary bilen tanyşýarlar.
Köp sanly sazly ekspedisiýalarda bolan M.Gapurow bu ugurdan ylmy iş ýazmagy ýüregine düwüp, 1989-njy ýylda sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, Özbegistanyň at gazanan ylmy işgäri F.Karomatowyň ýolbaşçylygynda “Çärjew oblastyndaky türkmenleriň aýdym-saz mirasy” atly tema boýunça kandidatlyk dissertasiýasynyň üstünde işlemäge başlaýar hem-de 1992-nji ýylda bu ylmy işini gorap, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine mynasyp bolýar.
Häzirki wagtda Muhammetmyrat Gapurow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk saz gurallary kafedrasynda” talyplara hünär dersinden sapak bermek bilen bir hatarda, “Türkmen saz folklory” atly tema boýunça doktorlyk işini ýazdy. Onuň bu doktorlyk işi ýurdumyzyň hemme ýerinde etnografik ekspedisiýalarda bolup, halkyň sazly folklorynyň dürli görnüşlerini, olaryň gurluşy, saz serişdeleriniň häsiýetli aýratynlyklary, folklor žanrlary baradaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýän ylmy işdir.
M.Gapurow birnäçe ylmy makalalaryň hem-de kitaplaryň hem awtorydyr. Olardan: A.Ökdirow bilen bilelikde ýazylan “Döwletgeldi Ökdürow” (Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010), H. Muhammetgulyýew bilen bilelikde “Halk saz gurallary orkestri üçin eserleriň partiturasy” (Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015), H. Muhammetgulyýew bilen bilelikde Halk saz gurallary orkestri üçin eserleriň ýygyndysy I-II kitaplar (Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019), Halk saz gurallary ansambllary üçin eserler (Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2024), degişlidir.
M.Gapurowyň ylmy gözlegleri boýunça 2016-njy ýylda “Ylym” neşirýaty tarapyndan “Türkmen saz folklory” monografiýasy neşir edildi. Şeýle hem, konserwatoriýada geçirilýän konferensiýalarda, çärelerde çykyş edip talyplara öwüt-ündewlerini, gymmatly maslahatlaryny berýär. Şu ýyl Muhammetmyrat Gapurowyň 70 ýyllyk ýubileýi bellenilip geçilýär, biz hem, halypa döredijilik üstünliklerini, jan saglygyny, maşgala abadançylygyny arzuw edýäris.
Gülbahar ÝUSUPOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazyň taryhy” kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.