logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Sungatyň we döredijiligiň baýramy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Sungatyň we döredijiligiň baýramy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde medeniýet ulgamy hem ägirt uly ösüşlere eýe bolýandygy, Türkmen medeniýeti dünýäniň iň gadymy we baý medeniýetleriniň biri bolup, ol halkyň taryhy, däp-dessurlary, sungaty we milli gymmatlyklary bilen berk baglydygy hakynda giňişleýin beýan etdiler. Şeýle-de türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan milli baýramlar, toýlar, aýdym-saz we tanslar, türkmeniň dutary we bagşyçylyk sungaty halkyň ruhy dünýäsini beýan edýändigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda medeniýetimize, sungatymyza uly hormat goýýan, milli mirasymyzy gorap saklamakda uly şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.