«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Merdan Kakabaýewiň, Azat Tuwakowyň 45 ýaşlarynyň dolmagy mynasybetli şahsy döredijilik sergisi geçirildi.
Sergide, M.Kakabaýew “Türkmen medeniýeti” 2016ý., M.Kakabaýew “Gutlug Timur we Tekeş” 2018ý., M.Kakabaýew “Daşoguzyň mirasy” 2024ý., M.Kakabaýew “Kündükler we çaýyň taryhy” 2016ý., M.Kakabaýew “Üzümler we waharmanlar” 2025ý., M.Kakabaýew “Garrygyz” 2025ý., A.Tuwakow“ Amaly-haşam sungaty” 2012ý., A.Tuwakow “Sungaty öwreniş” 2012ý., A.Tuwakow “Jemgyýeti öwreniş” 2012ý., A.Tuwakow “Çeper gimnastika” 2025ý., A.Tuwakow “Çeper gimnastika” 2025ý. A.Tuwakow “Etýudlar” 2011ý. A.Tuwakow “Şäher gurluşyk ” 2010ý. Ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr.
Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisinde watan söýgüsini, milli gymmatlyklarymyzy, peder mukaddesligini, buýsançly taryhymyzy, ruhy sütünlerimiz çeper beýan edilýär. Nakgaşçylyk, grafika eserleriniň aglabasynda ýagty reňkleriň kömegi bilen durmuşyň ajaýyp wakalarynyň we pursatlarynyň beýan edilmegi sergä aýratyn öwüşgün çaýdy.
Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Merdan Kakabaýewiň, Azat Tuwakowyň 122-den gowrak nakgaş, grafika eserleri görkezilýär.
Sergi öz işini 10 gün dowam eder