logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SUWY TYGŞYTLAMAK-TEBIGATY GORAMAK

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň guramagynda «Merkezi Aziýada howanyň täsirini nazara almak bilen suw serişdelerini dolandyrmak» atly maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bäsleşigiň jemi jemlendi. Bu bäsleşikde Amyderýa derýasyna bagyşlanan suratlar, fotosuratlar, gaýtadan işlenilen materiallardan hem-de toýundan ýasalan şekiller sergimizde uly orun aldy. Serginiň ahyrynda bäsleşigiň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda sylaglandy.

Tebigaty goramak ugrunda alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeli menzilleri rowaçlyklara beslensin!