logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ŞYGYR BILEN ÝAŞAÝAN ÝÜREK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp «Şygyr bilen ýaşaýan ýürek» ady bilen kitap sergisi guraldy.

Bu guralan kitap sergisinde Türkmenistanyň Gahrymany, halypa şahyr Gözel Şagulyýewanyň dürli ýyllarda ýazan ajaýyp kitaplary goýuldy.Ynsanperwer, gözel duýgulara ýugrulup, okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan kitaplardan sergilenen bu kitap sergisinden okyjylar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.