logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SYRLAR SIŇEN NEPISLIK

Türkmen haly döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gurnamagynda «Syrlar siňen nepislik» atly baýramçylyk bäsleşigi geçirildi.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzda gelin-gyzlaryň görelde mekdebine öwrülen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň käbäsi, ussat keşdeçi Ogulabat ejemiziň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbäsi Türkmenistanyň at gazanan halyçysy halypa Ogulgerek Berdimuhamedowanyň amaly haşam sungatyndan ugur alyp Aşgabat şäherimiziň, Arkadag şäherimiziň, hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda Türkmen haly birleşigine degişli bolan edara kärhanalarynda zähmet çekýän gelin – gyzlarymyzyň arasynda baýramçylyk bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde türkmen halylarymyzyň dürli görnüşleri sergide giňden ýaýbaňlandyryldy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri hem sergide öz beýanyny tapdy.

Bäsleşigiň ahyrynda Milli gymmatlyklarymyz bolan türkmen halylarymyzy öwrenmäge, dünýä ýaýmaga döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.