SYÝAHATÇYLARYŇ GEZELENJI
Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde ýurdumyzyň at-owazasy äleme dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän taglymatlarynda abadançylyk, ösüş, ynsanperwerlik, ruhy kämillik, hoşniýetlilik we dost-doganlyk öz beýanyny tapýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda dost-doganlyk gatnaşyklary has-da ösdürilýär. Hytaý Halk Respublikasynyň Gong Kong şäherinden gelen syýahatçy alymlar, professorlar hem-de arheologlar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde myhmançylykda boldylar. Muzeýimize gelen myhmanlarda sergi bölümleriniň her biri uly täsir galdyrdy. Aýratyn hem «Gadymy sungat» bölümi bilen has içgin gyzyklandylar.