logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SYÝAHATÇYLYK – DOST-DOGANLYGYŇ ŞUGLASY

14-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Turkmentravel— 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagynyň okalmagy bilen bu halkara çäresi dabaraly ýagdaýda öz işine başlady.
Häzirki döwürde tutuş dünýäde syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, halkymyzyň özboluşly milli däp-dessurlary, şäherlerimiziň gaýtalanmajak binagärlik keşbi dünýä syýahatçylarynda, jahankeşdelerinde uly gyzyklanma döredýär. Halkara sergide Medeniýet ministrliginiň pawilýonynda halkymyzyň şan-şöhratly geçmişi hem-de bedew batly ösüşleri sazlaşykly beýan edilýär.
Halkara çäräniň çäklerinde daşary ýurtlaryň syýahatçylyk edaralarynyň, institutlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen, ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyklaryň, şeýle hem, syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça özara pikir alyşmak, syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekişmek çäreleriniň guralmagy halkara çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Şonuň ýaly hem, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk ugry boýunça okadýan mugallymlarynyň we ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda, BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda syýahatçylygy dolandyrmak boýunça okuw maslahatynyň, daşary ýurtly myhmanlar bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk ugry boýunça okadýan mugallymlarynyň, bu ugurdan bilim alýan talyplarynyň gatnaşmagynda «Syýahatçylyk — medeniýetleriň köprüsi: syýahatçylykda durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, maslahatda syýahatçylyk ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, syýahatçylygy dolandyrmak, onuň akymyny köpeltmek we beýleki meseleler boýunça çykyşlara uly orun berilmegi bellenmäge mynasypdyr.
Türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklary, taryhy ýadygärlikleri, baý medeni mirasy, däp-dessurlary umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda orun aldy. Milli sungatymyzyň naýbaşy nusgalarynyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň birnäçe görnüşleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň we ÝUNESKO-nyň adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawlaryna girizildi. Munuň özi örän buýsançlydyr.
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar üçin syýahatçylyk gezelençleriniň guralmagy halkara serginiň hem-de maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berýär. Häzirki döwürde syýahatçylyk halklary birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýär. 14-16-njy apreli aralygynda geçirilýän bu halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerini, gözel ýerlerini mahabatlandyrmaga, daşary ýurtly syýahatçylary ýurdumyza çekmäge hem-de dürli ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary we guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, täze şertnamalary baglaşmak boýunça tejribe alyşmaga uly ýardam berer.
«Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilmegi özboluşly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyz bedew batly ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwletimizde syýahatçylyk ulgamynda gazanylýan uly üstünlikler bolsa, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni