Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da netijeli bolmagyny gazanmak hem-de içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bilelikde guramagynda 2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Ahal welaýatynyň çägindäki, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy Abiwerd galasyna we Abu Seýit Abul Haýryň kümmetine (Mäne baba) içerki syýahatçylyk gezelenji guraldy.
Syýahat gezelenjine Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk kärhanasynyň hünärmenleri, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary, şeýle-de Kaka hem-de Altyn asyr etraplarynyň orta mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Syýahatyň dowamynda syýahatçylara, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri gadymy ýadygärlikleriň taryhy hem-de halkyň durmuşyndaky möhüm ähmiýeti hakynda giň maglumatlary özünde jemleýän örän täsirli gürrüňleri berdiler.