logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Syýahatçylyk hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Syýahatçylyk Geňeşi bu ýurtlaryň arasyndaky syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny dolandyrmakda esasy orna eýedir. 2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň (GDA) daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde, GDA-nyň agza döwletleriniň syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2027-2028-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen Türkmenistanyň arasynda syýahatçylyk ulgamy babatdaky dowamly gatnaşyklar täze herekete eýe bolýar. Türkmenistan GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Syýahatçylyk Geňeşi bilen syýahatçylyk babatdaky gatnaşyklarda GDA-nyň “Arkalaşygyň syýahatçylyk paýtagty” atly Döwletara maksatnamasyny kabul etmek, Işewürler merkeziniň syýahatçylyk babatda bilelikdäki meýdançany döretmek baradaky tekliplerini goldap, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirligi tarapyndan yzygiderli GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Syýahatçylyk Geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän ekspert toparynyň maslahatlaryna gatnaşylýar.

GDA-nyň agza döwletleriniň syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2027-2028-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy, ulgamyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegini kämilleşdirmek, statistiki hasaba alnyşy we syýahatçylyk hyzmatlarynyň hil standartlaryny ösdürmek, syýahatçylaryň we syýahatçylyk kärhanalarynyň howpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirmekden başga-da, GDA döwletleriniň arasynda syýahatçylaryň akymynyň has-da köpelmegine, bilelikdäki Merkezi Aziýa we GDA döwletlerini öz içine alýan syýahatçylyk bukjalaryny düzmekde, ýurtlaryň milli däp-dessurlaryny we taryhy ýerlerini giňden mahabatlandyrmakda hem-de syýahatçylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirer.