logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SYÝAHATÇYLYK ULGAMYNDA NETIJELI IŞLER

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” syýahatçylyk forumy öz işini dowam edýär. Bu syýahatçylyk forumy Özbegistanyň halkara syýahatçylyk hepdeliginiň çäginde geçirilýär. Halkara forum Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň bilelikde tejribelerini paýlaşmaklaryna we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige gönükdirilendir.

Şeýle-de forumyň çäklerinde Daşkendiň sebitdäki iň uly syýahatçylyk sergilerinden biri bolan TITF (Daşkent halkara syýahatçylyk ýarmarkasy) geçirilýär. Bu sergä “Aýan”, “DnTours”, “Trawelco”, “Syýahatçy”, “Hazar Travel”, “Gadymy Miras”, “Dekor Türkmenistan” we beýleki pudak wekilleri ýaly öňdebaryjy türkmen syýahatçylyk kompaniýalary hem gatnaşýar. Sergä gelýän myhmanlar Türkmenistanyň baý medeni mirasy, özboluşly tebigy we taryhy ýadygärlikleri bilen içgin tanyşýarlar.

Geçirilýän halkara ähmiýetli çäreler halkara gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde we hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ädimleriň biridir.