logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN KEÇESI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji ýöriteleşdirilen mekdebinde «Türkmen keçesi» kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda gadymy mirasa baý halkymyzyň sungat derejesine ýeten gymmatlyklary sanardan köpdügi, şolaryň içinde türkmen keçesine uly orun degişlidigi barada belläp geçdiler. Şeýlede bu kitapda halkymyzyň gadymy keçe taýýarlamak senediniň inçe syrlary, keçe önümleriniň köpdürliligi, onuň nagyşlarynyň many-mazmuny, halkymyzyň ruhy dünýäsinde tutýan orny barada giňişleýin gürrüň berdiler

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.