logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli medeni-mirasymyzy ösdürmek, türkmen ýaşlaryna taryhymyzy öwretmek, döredijilik işlerine ruhlandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Şu gün Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda bilim alýan talyp ýaşlar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenje geldiler. Talyp ýaşlar muzeýde saklanylýan gymmatlyklar bilen içgin tanyşdylar, şeýle-de olary gyzyklandyrýan eserler barada muzeý hünärmenleri tarapyndan düşündirişli gezelenç gurnaldy. Bu hem ýurdumyzda ýaşlara okamaga, bilim almaga we döretmäge milli gymmatlyklarymyz bilen tanyşmaga uly mümkinçilikleriň döredilendiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza gezelenje gelen talyp ýaşlar tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.