logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TALYP ÝAŞLARYŇ MUZEÝMIZE GEZELENJI

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Gökdepe» milli muzeýiniň sergi bölümlerine düşündirişli gezelenç geçirildi. Düşündirişli gezelenji muzeýiň esasy hünärmeni Nurnabat Gurbanmämmedowa alyp bardy. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar Gökdepe söweşiniň taryhyny üns bilen diňläp, her bir esbaplary synlap bu gün asuda, erkana döwletde okap bilim almaklarynyň esasy özeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň manysynyň çuňňurlygyna aýdyň göz ýetirdiler.

Talyp ýaşlar halkymyzyň baý milli mirasy barada berilýän maglumatlary diňläp, özleriniň dünýägaraýyşlarynyň, gözýetimleriniň giňemeginde düýpli esas bolandygyny aýratyn bellediler.

Bu günki çäräniň dowamynda talyp ýaşlar Gökdepe söweşiniň taryhyny, türkmen halkynyň gündelik durmuşda ulanan esbaplarynyň asyl nusgalaryny synlap olar barada aýdylan gymmatly maglumatlary üns bilen diňläp, türkmen döwletiniň halk hökmünde kemala gelmegi üçin çekilen azap ýollaryň aňsat düşmändigine aýdyň göz ýetirdiler.

Şol sebäpli çäräniň dowamynda «Miras» teleýaýlymyna birnäçe talyplar tarapyndan interwýular bilen ýazgy edildi.

Ýurdumyzda muzeý esbaplaryny ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek, muzeý toplumlarynyň sanyny artdyrmak işlerine uly mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il–ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.