logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TALYPLAR ÝAŞLARYMYZYŇ MUZEÝIMIZE GEZELENJI

TALYPLAR ÝAŞLARYMYZYŇ MUZEÝIMIZE GEZELENJI

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ýaşlary ýagty ertirlere ruhlandyrýan, olaryň nurana geljegini berkarar etmäge gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwletimizde ylmy, bilimi dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde ösdürmegi, halkymyzyň gadymy we orta asyrlar döwürleriniň örän baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmegi, gorap saklamagy, dikeltmegi, wagyz etmegi döwlet derejesindäki möhüm, wajyp wezipeleriň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp ýaşlary gezelenç etdiler. Olar halypa suratkeşleriň ajyp sungat eserleri, amaly-haşam sungatlary, muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Talyplar ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini beýan etdiler.