“Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz gün-günden ösýär we özgerýär. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda Medeniýet-sungat ulgamynda-da öňe gidişikler gazanylýar. Halypa-şägirtlik ýoluny dowam etmek üçin giň ýol açylýar. Muňa mysal edip Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Aprel aýynyň 22-26 aralygynda Ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerini tamamlan we 2025-nji ýylda tamamlaýan uçurymlaryň, ýagny IV ýyl talyplarynyň arasynda “Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny” atly bäsleşigi geçirildi.
Bu bäsleşik 10 sany ugurlar boýunça yglan edilip, olar:
Türkmen milli saz gurallary (dutar, gyjak, gargy tüýdük);
Halk saz gurallary (baýan, akkardeon, plektra dutar, ud, kanun, çeň, baglama, bas dutar);
Kirişli saz gurallary (skripka, alt, wiolonçel, kontrobas);
Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (fleýta, gaboý, klarnet, fagot, truba, waltorna, trambon, tuba, ksilofon);
Ýekelikde aýdym aýtmak;
Hor dirižýorlygy;
Bagşy;
Fortepiano;
Sazşynaslyk;
Kompozisiýa.
Bäsleşige bäş welaýatyň sungat mekdeplerinden talyplar gatnaşyp, biziň hem Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-den zehinli talyp ýaşlarymyz hem baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olardan: mekdebimiziň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminden Döwranowa Aýlar hormat hatyna, “Kompozisiýa hünäri” boýunça Artykow Yhlas I ýere, “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň talyplary Baýryýewa Ogulgerek, Agaýew Allamyrat hormat hatyna, Döwletmyradowa Bägül II ýere, Mätgeldiýew Joşgun I ýere, “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminden Rejepmyradow Kakamyrat III ýere, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminden bolsa Täçmuhammedow Azat hormat hatyna, Ulugbekow Umytbek III ýere, Agaýewa Aýnur II ýere, “Fortepiano” bölüminiň talyby Pinäýewa Aýna hormat hatyna, “Türkmen milli saz gurallary” bölüminden Hanow Seýitmuhammet, Begenjow Berdimyrat hormat hatyna, Orazdurdyýew Begenç III ýere, Çaryýew Kadyrjan II ýere, “Kirişli saz gurallary” bölüminden bolsa Ibragimow Ýunus hormat hatyna, “Hor dirižýorlyk we Saz mugallymçylygy” bölüminden Hojageldiýewa Dursunjemal hormat hatyna eýe boldular.Ýeňiji bolan talyplary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladylar.
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimizde hem ýeňiji bolan talyplary mekdebimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga, işlemäge ylymly-bilimli döwrebap talyp ýaşlary ýetişdirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlary aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işlerinde uly rowaçlyklarynyň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Maýa ORAZMUHAMMEDOWA
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň «Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölüminiň mugallymy