logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Talyplaryň arasyndaky bäsleşik

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Gülşirin Otuzowanyň gurnamagynda talyplaryň arasynda daşary ýurt dillerini ösdürmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen “Dünýä belli brendleriň döreýiş taryhy hakynda” iňlis dilinde prezentasiýa ýasamak bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik diňe “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyplarynyň arasynda gurnalyp, olaryň her haýsy öz halaýan dünýä belli brendleriň döreýiş taryhy hakynda iňlis dilinde prezentasiýa hem-de çykyş taýýarladylar.
“Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymlary Şeker Kulyýewa hem-de Dünýägözel Almowowa çykyşlaryň arasyndan iň gowularyny saýlap almak üçin bäsleşige eminlik etdiler. Eminler taýýarlanan prezentasiýalara we talyplaryň çykyşlardaky sözleri doly we dogry aýdylyşlaryna aýratyn üns berdiler. Talyp ýaşlar “Hermes”, “Ferrari”, “Coco Chanel”, “iPhone”, “Yamaha”, “Patek Philippe”, “Coca-Cola”, “Dior”, “Victoria’s Secret” we başgada birnäçe dünýä belli brendleriň taryhy hakynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Talyplar brendeleriň atlaryndan belli bolşy ýaly, diňe egin-eşik ýa-da sagat barada däl eýsem awtoulaglary, saz gurallary, telefondyr, kompýuterleri we kosmetika döredýän kompaniýalar barada gyzykly maglumatlary öwrenipdirler.
Emin agzalary olaryň arasyndan I orna Altyn Ýangyýewanyň “The History of Channel” atly çykyşyny, II orna Orazjahan Mämmetdurdyýewanyň “Inside the world of Hermes” atly dünýä belli brendiň döreýiş taryhy barada gürrüňini we prezentasiýasyny, III orna “History of Yves Saint Laurent” atly tema bilen Aýnur Nuryýewanyň çykyşyny mynasyp gördüler. Şeýle-de höweslendiriji baýrak üçin diňleýji talyplara halan prezentasiýa we çykyşlara ses berip saýlamak mümkinçiligi berildi. Diňleýji talyplaryň beren sesleriniň netijesinde “History of the iPhone” atly prezentasiýa bilen çykyş eden Döwletowa Gülkamar höweslendiriji baýraga mynasyp boldy. Ýeňiji bolan talyplary sowgatlar bilen sylagladylar.
Şeýle bäsleşikleriň geçirilip durmagy biz talyp ýaşlar üçin daşary ýurt dillerini has hem hyjuwly öwrenmäge uly itergi berýär. Bagtyýar zamanada okamaga we döretmäge uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Altyn ÝANGYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.