logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«TANGO RITMINDE» ATLY KONSERT

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda “Tango ritminde” atly ajaýyp we joşgunly konsert geçirildi. Bu agşam sahnada çykyş eden zehinli bagşylar we sazandalar, diňleýjiler üçin tangonyň joşgunly we duýguly ritmlerine bagyşlanan dürli eserleri ýerine ýetirdiler.

Konsert Astor Piazzollanyň meşhur “Libertango” atly eseriniň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Bu kompozisiýa Perhat Tagiýewiň (akkordeon), Gözel Matkarimowanyň (skripka), Mähri Doliýewanyň (skripka), Ýunus Orazowyň (alt), Ahmet Babagulyýewiň (wiolonçel) we Ysmail Sähetmyradowyň (kontrabas) ýerine ýetirmegi bilen diňleýjileriň ünsüni aldy. Eseriň ilkinji akkordlary, zaly hyjuw we joşgun bilen doldurdy.

Soňra R.Nepesowyň täzeden işlemeginde A.Agajykowyň “Türkmen tango” atly eseri diňleýjilerden uly minnetdarlyk aldy. Bu eser gündogar owazynyň we argentin tangosynyň utgaşma täsinligini beýan etdi.

Ýusup Öwezowyň (klarnet) we Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň ýerine ýetiren Piazzollanyň “Cмерть ангела” we “Tango-café 1930” eserleri, sazlaryň çuňňur duýgusy we dramatizmi bilen diňleýjilerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

“Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi bolan Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetiren “Yo soy Maria” we “Утомленное солнце” atly aýdymlaryny hem aýratyn bellemek gerek. Onuň duýguly ýerine ýetirilişi diňleýjileriň ýüregine çuňňur täsir etdi.

4-nji çagalar sungat mekdebiniň «Saýrak bilbiller» çagalar hory, Gülälek Baýrammyradowanyň ýolbaşçylygynda S.Ekimowyň “Танго мухи” eserini ýerine ýetirip, diňleýjileriň ýüreklerini mähir bilen doldurdy.

Aýratyn hem A.Gaýnuliniň “Eýforiýa” atly eseri has uly gyzyklanma döretdi. Bu eseriň ýerine ýetirilmeginde Karina Sultanowa Ýelena Arakelýanyň sazandarlyk etmeginde öz tansy bilen tango duýgusyny we hereketini janlandyrdy.

Konsertiň ahyrynda K.Gardeliň “Tango por una Cabeza”, R.Nepesowyň “Tango 13” we H.M.Rodrigesiň “La Cumparsita” ýaly meşhur eserler ýaňlandy. Bu eserler konserti jemläp, diňleýjilerde duýguly täsir galdyryp, batly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Bu konsert, ýerine ýetirijileriň ýokary ussatlygyny görkezdi, konsert zaly bolsa tango joşguny, saz we sungaty bilen doly boldy. Her bir çykyş, diňleýjileriň ýüreklerinde güýçli täsir we ýatdan çykmajak owazlary galdyrdy.


Dünýägözel ALMOWOWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň mugallymy