logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TARYHA ŞAN BEREN KITAP

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda «Taryha şan beren kitap» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmeni hormatly Prezidentimiziň taryha san beren «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň many mazmun baýlygy barada tasirli gürrüňleri berdi. Üstünde beýik beýik ynsanlar ýaşan , guran we döreden gadymy änew topragyna edilen taryhy we edebi zyýaratyň kamil miwesi bolyp türkmen edebiýatyny baýlaşdyran bu gymmatly eser hakyndaky gürrüňleri ýas nesiller üns berip diňlediler.

Duşuşygyň ahyrynda ona gatnaşanlar medeniýetimizi taryhymyzy öwrenmäge şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.