logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TARYHDA GALAN GAHRYMANLAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda 111 nji orta mekdebinde «Taryhda galan Gahrymanlar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde mert pederleriň ruhuny kalbynda göterýän halkymyzyň geçmiş taryhyna bolan sarpasynyň beýikdigi, ata Watanymyzyň türkmen halkynyň taryhynda müdimilik yz galdyran wakalaryň mizemez sütüni höküminde bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy nesilleriň arasyndaky özara baglanyşygyň beýanydygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak bolsa, ata-babalarymyzyň köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelgeleriniň biri bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.