logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TARYHDA YZ GALDYRAN TÜRKMEN ZENANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlarymyz-toýlara ulaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bu gün zenanlarymyzyň sarpasy belentde tutulýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk sergisini synlamana baran Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň halypa işgärleri hem «Türkmenistan», «Aşgabat» teleýaýlymlarynyň ýazgy etmeginde taryhda orun alan edermen, wepaly zenanlarymyz, şeýle hem ýazyjy-şahyrlarymyzyň goşgularynda bahar güllerine deňelýän enelerimiziň waspy hakynda täsirli söhbet etdiler.