logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Taryhy gymmatlyklar – gadymyýetiň syrly sahypalary

Türkmen halkynyň örän baý we köptaraply milli taryhy-medeni mirasy bar. Biziň ata-babalarymyzyň geçen müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant boldy. Olaryň şol uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy-medeni gymmatlyklary dürli-dürli ýadygärlikler görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Türkmeniň baý taryhly geçmişine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu ugurda düýpli işler alyp barmaga ähli mümkinçilikler döredildi. Täze gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan açyşlar türkmen taryhynyň häzire çenli belli bolmadyk sahypalaryny ýüze çykardy. Bu açyşlar bilen taryhymyzyň gatlary baýlaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Taryhy gymmatlyklar – gadymyýetiň syrly sahypalary» atly sergi guraldy. Bu sergide Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalaryndan hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan tabşyrylan taryhy gymmatlyklar ilkinji gezek görkezilýär.

Sergide «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasyndan tapylan gymmatlyklardan eneolit döwrüne degişli bolan nagyşly keramiki gaplar we gabyň bölekleri, zenan heýkeli, haýwan heýkelleri, oýnawaç, arabanyň bölegi we möhür ýaly birnäçe taryhy gymmatlyklary synlap bolýar.

«Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasyndan tapylan gymmatlyklaryň içinde küýze böleginiň ýüzünde zenan şekili çekilen gymmatlyk täsinligi bilen tapawutlanýar. Şekiliň çeperçilik taýdan ýerine ýetirilişi şol döwrüň surat çekmek we keramikany bezemek däpleriniň ösendigini görkezýär. Şeýle-de keramiki gymmatlyklar diňe bir hojalyk önümleriniň bölegi bolman, eýsem şol döwrüň keşbi, bezeg medeniýeti we çeperçilik düşünjeleri barada hem maglumat berýän arheologik çeşmedir. Serginiň dowamynda bina bezeg bölekleri bolan freskalar, metopalar hem-de toýun gaplary görmek bolýar.

«Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasyndan tapylan gymmatlyklaryň içinde Aleksandr Makedonskiniň şekili çekilen kümüş teňňe, toýundan ýasalan itiň we horazyň şekiljigi hem-de toýun çyraglary görmek bolýar.

Günbatar Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Dehistan arheologik ýadygärligine mahsus bolan X-XII asyrlara degişli bolan bişen toýundan, altynsow öwüşgin berlip ýasalan çeper keramiki önümleri bolan küýze, tabak, şakäse, okara ýaly gaplar sergide aýratyn orna eýedir.

Orta asyrlara degişli bolan metal önümleri hem serginiň dowamynda görmek bolýar. Olardan ýarymaý şekilli bürünçden ýasalan, daşy çyzma usulynda, dürli görnüşli nagyşlar bilen kaşaň bezelen gutyjyk sergä aýratyn bezeg berýär. Şeýle-de sergide gapagyna guşuň şekili berilip, daşy haşamlanyp bezelen aýakly küýze hem-de birnäçe asma gazanlar görkezilýär. Sergide metaldan ýasalan at naly bolsa türkmen jemgyýetinde atçylyk medeniýetiniň ösüşini şöhlelendirýän taryhy tapyndy bolup durýar. Nal atyň toýnagyny goramak we uzak ýollarda hereket etmegini ýeňilleşdirmek üçin ulanylypdyr. Bu tapyndy bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky uly ornuny görkezýär.

Bu sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Paryzdepe we Şährislam ýadygärliklerinde geçiren gazuw-barlag işleriniň netijesinde tapylan syrçaly we syrçasyz keramiki gaplar hem sergimiziň görnükli ýerinde öz ornuny tapdy. Dürli görnüşli gaplar özleriniň taýýarlanyş usuly, syrçasynyň reňki, bezeg nagyşlary we görnüşleri bilen orta asyr küýzegärçilik senetçiliginiň ösen derejesini görkezýär. Şeýle hem sergide Paryzdepe ýadygärligine degişli bolan binanyň bezeg bölekleri gadymy galalaryň taryhy keşbini, gadymy gurluşyk medeniýetini görkezýän möhüm gymmatlyk bolup durýar.