logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TARYHY-MEDENI MIRAS–HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

TARYHY-MEDENI MIRAS–HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2025-nji ýyl–Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «Taryhy-medeni miras–halkyň ruhy baýlygy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Mary welaýat birleşmesi we «Miras» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda geçirildi.

Söhbetdeşlikde muzeýleriň taryhy-medeni mirasy gorap saklamakdaky we wagyz etmekdäki orny, ony halkyň ruhy baýlygynyň esaslary hökmünde giňden açyp görkezmegiň ähmiýeti, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmak ýörelgelerini berkitmekde orny barada gürrüň edildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde muzeýiň gaznasyndan türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyny, medeniýetini, parahatçylyk söýüjilik hem-de goňşuçylyk däplerini şöhlelendirýän eksponatlar görkezildi. Bu sergi myhmanlara taryhy-medeni mirasyň milli özboluşlylygy döretmekdäki hem-de ruhy gymmatlyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetini çuňňur düşünmäge mümkinçilik berdi.

Söhbetdeşlikdäki çykyşlar muzeýleriň halkara medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki hem-de halklaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmekdäki ornuna bagyşlandy. Muzeýleriň parahatçylyk we jebislik gymmatlyklaryny geljekki nesillere ýetirmekdäki goşandy aýratyn nygtaldy.

Bu çäre myhmanlarynyň uly gyzyklanmasyna eýe bolup, taryhy-medeni mirasy gorap saklamagyň we wagyz etmegiň milletiň ruhy baýlygynyň esasy sütünidigini hem-de parahatçylyk bilen ynanyşmagy pugtalandyrýan möhüm faktorlaryň biridigini ýene-de bir gezek subut etdi.