Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet cagalar kitaphanasy ýakynda "Arkadag" teleýaýlymynyň "Köňülleriň çyragy" gepleşiginiň ýazgy etmeginde "Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş" muzeýinde "Taryhyň taryply ýollary" atly söhbetdeşlik geçirdi.
Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň umumyadamzat swilizasiýasyna goşan maddy we ruhy medeniýetiniň aýry aýry ulgamlary dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi.
Muzeý etnografiýa gymmatlyklarynyň kitap gatlarynda şöhlelendirilişi hem-de gadymy tapyndylaryň degişli döwründe ulanyş aýratynlyklarynyň adamzat zähmetine ýetiren ýeňillikli ähmiýeti hakyndaky gürrüňlere hem orun berildi.
Söhbetdeşlikli duşuşygyň ahyrynda ona gatnaşanlar milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy öwrenmeklige hem-de ýaş nesillere wagyz nesihat etmeklige ylmy döredijilik işlerini alyp barmaklyga giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.