Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy uly dabaralar bilen garşylanylýar. Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Dirižýorlyk” kafedrasynyň kamera horunyň çykyşlary bilen geçirilen konsert hem bu şanly sene bilen baglanyşykly boldy. Bu baýramçylyk konserti konserwatoriýanyň mugallymlarynyň hem talyplarynyň myhmanlara hödürlän baýramçylyk sowgady boldy.
Türkmenistanyň halk artisti G. Babaýewiň ýolbaşçylyk edýän hor topary dürli döwürleriň hem dürli döwletleriň nusgawy eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Olaryň arasynda D.Nuryýewiň, R.Allaýarowyň, Ç.Nurymowyň, A.Şapoşnikowyň, P.Çaýkowskiniň, A.Sweşnikowyň, A.Wiwaldiniň we beýlekileriň ajaýyp eserleri bar. Hormeýster R.Orunowanyň, dirižýorlyk hünäriniň uçurymlary J.Myradowanyň, A.Täçmyradowanyň, Z.Jangeldiýewanyň, A.Tagandurdyýewanyň dirižýorlyk etmeklerinde ýaňlanan aýdymlarda dürli sesleriň sazlaşykly utgaşmaklygy gazanyldy.
Horda adam sesleriniň özara baglanyşmagy bilen täsirli owazlar döredilýär. Mugallymdyr talyplaryň hor toparyna erk edip, ony dogry dolandyrmaklarynyň netijesinde hödürlenilen eserler şowly boldy. Adam sesiniň juda çuňňur duýgulary oýaryp bilýändigi şol ýerine ýetirilen aýdymlardan ruhlanan diňleýjiler tarapyndan hem bellenilip geçildi.
Konsertiň dowamynda ýekelikde aýdym aýtmaklyga hem orun berildi. Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Seýitgulyýewa, talyplar B.Gandymowa, R.Meredow dagylaryň aýdan aýdymlary baramçylyga ýene-de bir goşant bolup ýaňlandy.
Konsertiň ahyryndaky aýdymlar çemeni baýramçylyk ruhuny has-da joşdurdy. Ýagny, B.Hudaýgulyýewiň “Watandadyr” aýdymy bilen başlanan aýdymlar çemeni, amerikan, brazil, türk, özbek, gyrgyz halk aýdymlary bilen utgaşyp gitdi. Bu çemeni jemlän R.Allaýarowyň “Diýarym” aýdymy bolsa özüniň dabaraly owazy, dürli öwüşginli bezegi bilen dostlukly halklaryň baýramçylyk gutlaglaryna minnetdarlyk ýaly bolup ýaňlandy.
Halkymyzy asuda günlerde ýaşadýan, sungat adamlarynyň döredijilikleri bilen milli aýdym-saz sungatymyzyň belentden-belent ýaňlanmagyna hemme mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris. Şanly Bitaraplyk baýramçylygymyzyň 30 ýyllygy gutly bolsun!
Gülbahar Muhammedowa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Dirižýorlyk” kafedrasynyň uly mugallymy